Aşgabatda täze awtomobil köprüsi gurlar

7-nji martda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabatda meýilleşdirilen täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüleri gurlanda, döwrebap binagärlik-gurluşyk talaplaryndan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi