Ýurdumyzyň demir ýollarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär

7-nji martda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň demir ýollarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin demir ýollarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi