Hytaýdan gämileriň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda

Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň  maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» habarlar agentligi şu ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça Hytaýdan gämileriň eksporty hem göwrümi, şeýle-de gymmaty boýunça ep-esli ösendigini habar berdi.

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý daşary ýurtly üpjün edijilere 937 gämi iberdi. Munuň özi bu görkezijiniň geçen ýylyň ilkinji iki aýynyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 59,9% köpdür. Şol bir wagtyň özünde hem, eksportuň derejesi 180,6% ýokarlanyp, 48,25 milliard ýuana (6,8 milliard dollar) ýetdi.

2023-nji ýylyň netijesi boýunça gämi gurluşyk pudagynyň üç esasy görkezijisi — önümçiligiň mukdary, täze sargytlar we bar bolan buýurmalar boýunça dünýä bazarynda öňdäki orny eýelän Hytaýyň yzygiderli 14 ýyl bäri dünýäniň gämi gurluşyk ulgamynda öňdeligi elden bermeýändigini Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrligi habar berdi.