Ulag-logistika ulgamynda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylar

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň özi geljekde ýurdumyzdan ýükleri awtoulagda daşamagyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak boýunça teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi