«Xiaomi» bir aýda SU7 elektrikli ulagynyň 10 müňüsini ýygnady

«Xiaomi» kompaniýasy SU7 elektrikli ulagynyň 10 müňünjisiniň hem taýýardygyny habar berdi. Bu möhüm tapgyra bary-ýogy 32 günde ýetildi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa bu ulagdan 100 müňüsini öndürer diýip, «Auto.ru» habar berýär.

Önümçiligiň mukdaryny artdyrmak üçin «Xiaomi» satuw ulgamyny giňeldýär. Ýylyň ahyryna çenli bu kompaniýa Hytaýyň 46 şäherinde 200-den gowrak täze awtoulag dilerini açmagy meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, SU7 programma üpjünçiliginiň ilkinji täzelenmesi maý aýynda çykar.