Rowaýata öwrülen «Mersedes-Benz Kurzhauberiň» önümçiligi bes ediler

Eýranyň «Iran Hodro Diesel» kompaniýasy 1924 belgili ýük awtoulagynyň önümçiliginiň bes edilendigini habar berdi. «Mersedes-Benz Hurzhauber» nesliniň soňky wekili bolan modeliň önümçiligi iki aýyň içinde bes ediler.

«Kurzhauber» ulaglary ilkinji gezek «Daimler» kompaniýasy tarapyndan 1959-njy ýylda öndürilipdi. Ýük ulaglary ilkibaşga içerki bazar üçin niýetlenen hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen ol Günorta Amerika, Afrika we Ýakyn Gündogara eksport edilip başlandy.

«Daimler» «Kurzhauberiň» önümçiligini 1995-nji ýylda togtatdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň şahamçasy hökmünde 1979-njy ýylda bu ýük ulaglarynyň önümçiligine girişen Eýran önümçiligi bes etmedi.

Aslynda, «Kurzhauber» Eýranda «Benz Meiller» ýa-da «Benz Wagonhood» diýen atlar bilen tanalýar. Diňe birnäçe ýyl mundan ozal girizilen käbir üýtgeşiklikler diýäýmeseň, ulagyň dizaýnyna hem uly bir özgertme girizilmedi.

«Kurzhauberiň» önümçiliginiň bes edilmeginiň sebäbi milli sertifikat standartlarynyň has uly talaplara eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Çünki Eýranyň hökümeti şu ýylyň fewral aýynda täze standartlara laýyk gelmeýän täjirçilik enjamlarynyň önümçilik ulgamlaryndan aýryljakdygyny habar berdi diýip, «Auto.ru» ýazýar.