«Awtomobil ulаg hyzmaty» kompaniýasy taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny taksi sürüjisi wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «BC» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr.

Işe ýerleşmek isleýänler Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Boş iş orunlary we iş şertleri barada goşmaça maglumatlary almak üçin şu btelefonlara jaň edip bilersiňiz: 44-35-38, 44-35-20.

«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ ähli gyzyklanma bildirýän dalaşgärleri arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.