Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana amala aşyran iş sapary tamamlandy

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine iş saparyny tamamlap, Türkmenistana ugrady. Kazanyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Tatarystanyň Raisiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow uçara münmezinden ozal Rustam Minnihanow bilen mähirli hoşlaşdy. Gysga söhebtdeşlikde taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäginde Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum-2024» atly XV halkara foruma, «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy, şeýle-de Russia Halal Expo» halkara sergisine aýlanyp gördi.