BMW gyrmyzy mahmally XM gibrid krossowerini görkezdi

Kan kinofestiwalynyň çäginde BMW kompaniýasy supermodel Naomi Kempbel bilen hyzmatdaşlykda döredilen XM gibrid krossoweriniň aýratyn nusgasyny görkezdi. «Mystique Allure» diýlip atlandyrylýan ulag gyrmyzy mahmala bürenen kaşaň dizaýny bilen haýran galdyrýar.

Mahmal örtük «Mystique Allure» tötänleýin saýlanmady. Çünki Naomi Kempbel bu reňki diýseň halaýar. Ýumşak örtügi krossoweriň daşky böleginde-de, oturgyçlarynda-da, potoloklarynda-da we gapy tutawaçlarynda-da görüp bilersiňiz.  

BMW ýumşak matalardan ýasalan awtoulaglar bilen dünýäni ilkinji gezek geň galdyrmaýar. 2008-nji ýylda çarçuwasy çydamly mata materiallary bilen örtülen «Gina Light Visionary» sport awtoulagy hem hödürlenipdi diýip, «Motor.ru» ýazýar.