Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna haýsy awtobuslarda baryp bolýar

Golaýda Aşgabatyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we täze medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze seýilgäh meýdançasyna barmak we täsin ýadygärligi görmek üçin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de paýtagtyň myhmanlary 35-nji (Awtokombinat – «Saglyk ýoly») we 20-nji (Demir ýol menzili –«Saglyk ýoly») awtobus ugurlaryndan peýdalanypbilerler.

Ýatlatsak, Aşgabadyň günortasynda ýerleşýänMagtymguly Pyragynyň 60 metrlik heýkeli we medeni-seýilgäh toplumy 17-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň we köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.