Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Döwlet güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna Horwatiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.