«Jaguar» indi Angliýada benzin bilen işleýän modellerini öndürmez

Hereketlendirijisi ýangyç bilen işleýän soňky modeller bolan (ICE) XE, XF we F-Type modelleri «Jaguar« kompaniýasynyň Beýik Britaniýanyň Kasl-Bromwiç şäherindäki zawodynyň önümçilik taslamasyndan aýryldy. Muny özi doly elektrikleşmäge tarap ädim ädýän marka üçin taryhy pursatdyr.

Soňky üç awtoulagyň suraty Jaguar Land Rover-iň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Ken Makkonomi tarapyndan çap edildi.

«Jaguar» -yň 1977-nji ýyldan bäri awtoulag öndürýän Kastl-Bromwiç zawody markanyň täze ösüş strategiýasyna laýyklykda gaýtadan işleniler.

«Jaguar»-yň ýolagçy awtoulaglarynda içerki ýangyç hereketlendirijilerinden ýüz öwürmek meýilnamalary 2024-nji ýylyň başynda mälim boldy. 2025-nji ýylda «Jaguar» premium elektrik ulaglarynyň önümçiligine doly geçmegi meýilleşdirýär.

«Jaguar»-yň ilkinji elektrik modeli «Porsche» we «Bentley» modelleri bilen bäsleşjek kaşaň görnüşe eýedir. Täze önümiň garaşylýan bahasy 125,000 dollar.

Kasl-Bromwiç zawodynda önümçiligiň tamamlanmagy «Jaguar»-yň içerki ýangyç hereketlendirijisinden doly ýüz öwürendigini aňlatmaýar.

Kompaniýa käbir krossowerleri öndürmegi dowam etdirer diýip, «Auto.ru» ýazýar.