Türkmenistanda howanyň 40 gradusa çenli gyzmagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Türkmenistanda şu howanyň ortaça temperaturasy +40... gradusa ýeter. Hepdäniň ahyrynda birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +20 gradusdan +21... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradusdan +36... +38 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +35... +40 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15...+20 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda, gündizlerine +31... +36 gradusdan +34... +39 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +34... +39 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +34… +39 gradus aralygynda maýyl bolar.