Elektrikli ulaglaryň eýeleriniň takmynan 50 göterimi ýangyçly ulaglara gaýtadan dolanýar

Elektrikli awtoulaglar adaty ulaglara garanyňda ekologiýa taýdan arassa we geljegi uly alternatiwa hökmünde görülýändigine garamazdan, «S&P Global Mobility» tarapyndan geçirilen seljerme olaryň eýeleriniň ýarysynyň diýen ýaly ýangyç bilen işleýän awtoulaglara geçýändigini görkezýär diýip, «rambler.ru» habar berýär.

Munuň ilkinji sebäbi elektrikli awtoulaglaryň bahasynyň gymmatlygydyr. Arzanladyşlar we mahabatlar olary elýeterli ýagdaýa ýakynlaşdyrsa-da, olar henizem ýangyç bilen işleýän kowumdaşlaryndan gymmat. Ulaglary bejermek bolsa hasam gymmat. Esasan hem batareýalary çalyşmak uly hupbat.

Ýaramaz zarýad beriş infrastrukturasy ähli ýurtlarda giňden ýaýran başga bir mesele. Stansiýalaryň sany köpelýär, ýöne olar henizem elektrikli awtoulaglary amatly ulanmak üçin ýeterlik däl.

Bir gezek zarýadlandyryşyň çäkli aralygy ýangyç bilen işleýän hereketlendiriji ulaglaryň başga bir artykmaçlygydyr. Tehnologiýanyň ösmegi has netijeli batareýalaryň döremegine sebäp bolýar, ýöne häzirki wagtda içerki ýangyç hereketlendirijisi bolan awtoulaglar bu bäsdeşlikde öňde.