Türkmenistanyň telewideniýesi 12 sagatlyk tehniki arakesme yglan etdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ähli tele we radio ýaýlymlarda 29-njy iýulda sagat 00:00-dan 12:00-a çenli abatlaýyş-sazlaýyş işlerini geçirmek üçin tehniki arakesme yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, tehniki arakesme edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagy, tehniki enjamlaryň üznüksiz we ýokary hilli işlemegini üpjün etmek üçin zerurdyr.

Tehniki işler tamamlanandan soň ýaýlymyň doly dowam etdiriljekdigi hem bellendi.