Mary welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi

Hojageldiýew Hojageldi Çerkezowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýew bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara şu gün — 31-nji iýulda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.