Hytaý Motor Show 2024 sergisine 10 000 adam gatnaşdy

Moskwada Hytaý awtoulag sergisi tamamlandy. 27-28 iýulda MTS Live Hall meýdançasynda geçirilen Chinese Motor Show 2024, 10 000-den gowrak awtomobil söýüjileri bu ýere ýygnady. Bu barada kolesa.ru habar berýär.

Arzan krossowerlerden başlap, geljekki giperkarlar çenli, dürli brendlerden 50-den gowrak model görkezildi. JETOUR X50-niň premýerasy, BYD YANGWANG U8-iň "tank aýlawy", şeýle hem iň güýçli GAC Aion Hyper SSR we Zeekr 001 FR giperkarlaryna aýratyn üns çekildi.

Xiaomi SU7, Li Mega we beýleki köp täze modellerem sergä gelen myhmanlary biparh goýmady.

Görkezilen awtoulaglaryň arasynda JETOUR, Lotus, LiXian, Zeekr, Hongqi, HiPhi, TANK, Lynk & CO, AVATR, VOYAH, BYD, AITO we beýleki köp markalar bardy.