Volkswagen Transporter T7: täjirçilik ulagyna täze garaýyş

Volkswagen kompaniýasy uzak wagtdan bäri garaşylýan täzeligini - Transporter T7 bilen awtosöýüjileri tanyşdyrdy. Model köpçülige özüniň täzelenen dizaýny we baý tehniki mümkinçilikleri bilen görkezildi. Hatarda ulagyň iki görnüşi bar: köpugurly Caravelle weny we has güýçli Panamericana furgony, bar diýip auto.ru habar berýär.

Ford Transit Custom platformasynda gurlan täze Transporter, öňki modeliň käbir dizaýn elementlerini saklap, Volkswageniň häsiýetli aýratynlyklary bilen has-da täsirli daşky görnüşe eýe boldy. Awtoulagyň salonynda tehnologiýa atmosferasy höküm sürýär: öň panelde iki sany uly displeý merkezi orny eýeleýär.

Panamericana wersiýasy özboluşly tigirleriň dizaýny, goraýjy plastik gaplamalary we ýörite salon bezegi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ol doly ýöriş ulgamy bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa ony kyn ýol şertlerinde täjirçilik ulanyş üçin iň amatly saýlawa öwürer.