Türkmenistanyň demirgazygynda pagta ýagy öndürýän zawod gurlar

Daşoguz welaýatynda ýylda 130 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işläp, pagta ýagyny öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

"Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilşi ýaly, munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi halkara standartlaryna laýyklykda bu zawodyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigini geçirmegi yglan etdi.

Bäsleşik teklipleri "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde resmi bildirişiň çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-dan gijä galman kabul edilýär.

Halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin tehniki tabşyrygy we arza görnüşini Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden şu salgy boýunça alyp bolar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92 (B 327 otagy).

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutmaly: (+99312) 44-75-48; 44-75-49.