Türkmenistanyň demirgazygyndaky etrapda irki käşiriň hasylynda döwlet sargydyny ýerine ýetirdiler

Ýurduň demirgazyk sebitinde gök-bakja ekinleriniň iri öndürijileriniň biri hasaplanýan Daşoguz welaýatynyň Şawat etrabynda 2 müň 525 tonnadan gowrak irki käşir ýygnaldy.

"Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilişi ýaly, şu ýyl käşir ekmek üçin ýüz kyrk gektar hasylly ýer bölünip berildi.

Häzirki wagtda oba hojalyk önümlerini öndürijiler boşan meýdanlarda giçki käşir sortlaryny ekmek üçin esasly taýýarlyk görýärler.