«Lamborghini» mümkinçilikleri çäklendirilen superulagy bilen tanyşdyrdy

«Lamborghini» kompaniýasy Sardiniýada ýapyk görnüşde geçirilen bir dabarada «Opera Unica» tapgyryna girýän ulaglarynyň biri bilen tanyşdyrdy. Ol gaýtalanmajak içki we daşky dizaýna eýe bolan «Revuelto» ulagydyr. Ulagyň esasy aýratynlygy bolsa 475 sagatlap iş edilen garyşyk reňkidir.

Täze ulagyň dizaýny öz ylham çeşmesini Sardiniýanyň deňiz gözelliklerinden alyp gaýdýar. Ony synlamak edil deňzi synlan ýaly lezzet berýär. Ulagyň bezeginde goýy we açyk reňkleriň sazlaşygyna aýratyn üns berlipdir.
Ulagyň diňe bir daşy däl, eýsem, içki dizaýny hem deňiz gözelliklerini ýadyňa salýar. Onuň taslamasyna bolsa 85 sagat sarp edildi. Ondaky çyzgylar bolsa deňiz tolkunlaryna Gün şöhlesiniň düşüp ýalpyldaýşyny ýadyňa salýar.