Türkmenistanda şu hepde 43 gradusa çenli yssy bolar diýlip garaşylýar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagar. Howa +43 gradusa çenli yssy bolar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +38 gradusdan +41... +43 gradus aralygynda yssy bolar.