Türk awiasiýa uniwersiteti Türkmenistandan ilkinji talyplary okuw üçin kabul eder

Türkmen talyplary şu ýyl Türk awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde bilim alarlar.

Bu barada uniwersitetiň rektorynyň sözlerine salgylanyp, Halkara habar merkezi habar berýär.

Daşary ýurtlardan ýokary islegden ugur alyp, türk uniwersiteti awiasiýa pudagynda döwlet we hususy kompaniýalary öz içine alýan dost ýurtlar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Rektor, "Türkmenhowaýollary" bilen hem şeýle ylalaşygyň bardygyny belledi.

Ilkinji okuw topary 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Antalýada geçirilen diplomatik forumyň çäklerinde gol çekilen "Türkmenistan" Awiakopmaniýasy AÇGS bilen Türk awiasiýa assosiasiýasynyň Uniwersiteti arasyndaky Özara düşünişmek baradaky Memoranduma laýyklykda düzüldi.

Türk awiasiýa uniwersiteti geljekde "Türkmenhowaýollary" üçin hünärmenleri taýýarlamak ugurlaryny giňeltmegi garaşýar: uçuş hyzmaty, awiasiýa tehnologiýalary, awialogistika we uçuş dolandyryşy.