«Türkmenawtoulaglary» agentligi bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Size teklip edilýär:

  • -bäsleşige gatnaşmak islegiňiz barada ýazmaça arza bermek, onda gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilmelidir;
  • -gatnaşyjylar öndüriji ýa-da onuň resmi dileri bolmalydyr;
  • -bäsleşige gatnaşmak üçin taraplaryň ylalaşygy esasynda 700 (ýedi ýüz) manat ýa-da daşary ýurt kompaniýalary üçin 200 ABŞ dollary möçberinde bäsleşik ýygymlaryny tölemek üçin hasap almak;
  • -tehniki tabşyrygy almak. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilenden soň berler.

Bäsleşik teklibi möhür bilen tassyklanan we konwerte salnan görnüşde şu salga iberilmelidir: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 126.

Bildiriş çap edilenden soň bäsleşik teklibi sargytçynyň hasabyna pul serişdeleri gelip gowşandan soň seredilmäge kabul ediler.

Bäsleşik teklipler şu bäsleşik boýunça resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, 30-njy günüň ýerli wagt boýunça sagat 12:00-den gijä galman kabul ediler.

Maglumat üçin telefon: 39-03-90, 39-03-40.

Çeşme: https://awtoulag.gov.tm/