Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç berildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.