Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabat Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan sebitleýin we ählumumy derejede köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.