ABŞ-da köpden bäri garaşylýan «Pagani Zonda Arrivederci»-niň ilkinji görkezilişi bolar

16-njy awgustda «Monterey» awtoulag hepdeliginiň çäginde meşhur superkaryň iň soňky modeli bolan «Pagani Zonda Arrivederci» ilkinji gezek görkeziler. 12 ýyldan gowrak wagt bäri döredilen bu täsin awtoulag «Zondanyň» taryhynyň iň ýokary nokady bolar diýip, «Auto.ru» habar berýär.

«Zonda Arrivederci»-niň daşky we içki dizaýnynda aýratyn uglerod süýümi bar. Awtoulag «Zonda JC» tarapyndan ylhamlanan täze ganat we «Huayra BC» tekelrlerine eýe boldy.

«Zonda Arrivederci»-niň kapotynyň aşagynda 760 at güýjüne eýe bolan we 780 Nm tok öndürýän 7,3 litrlik «Mersedes-AMG» hereketlendirijisi bolar. Ol ýeňil göwrüm bilen birleşdirilip, ajaýyp dinamiki öndürijiligi üpjün edýär.