«SsangYong Musso» ýörite «Saracen Platini» ulagyny öndürdi

«Motor.ru»-nyň berýän habaryna görä, «SsangYong Musso» kompaniýanyň 70 ýyllygy mynasybetli «Saracen Platinum» ulagynyň ýörite nusgasyny hödürledi.
Bary-ýogy 70 sanysy öndürilen pikap Angliýanyň bazarynda satylýar. Model ýük düşegi, perdesi we gapdal basgançaklar ýaly özboluşlylyklary hödürleýär.
6 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen üpjün edilen ulag 202 at güýjüne eýedir. Onuň hereketlendirijisiniň güýji 2,2-ä ýetýär. 
Täze ulagyň bahasy 34 müň funt bolar.