2025-nji ýyldaky «Toyota Sienna»: howpsuzlyk barada alada täze derejä çykaryldy

«Toyota» kompaniýasy 2025-nji ýyl üçin niýetlenen täzelenen «Sienna» miniwenini tanyşdyrdy, ol ýolagçylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe innowasion aýratynlyklar bilen üpjün edilendir. Iň aýdyň täzelikleriň biri hem ulagyň içinde çagalar ýa-da haýwanlar galan bolsa, gyssagly kömek hyzmatlaryna awtomatiki jaň etmek ulgamydyr diýip, «auto.ru» habar berýär.

Eger datçikler gapylar ýapylansoň yzky oturgyçlarda hereketi anyklasa, ulag heläkçilik signalizasiýasyny we sesli duýduryşy işjeňleşdirer. Eger birnäçe minudyň dowamyndan eýesinden jogap gelmese, «Sienna» awtomatiki usulda smartfona habarnama iberer we jaň eder.

Mundan başga-da, 2025-nji ýyl üçin niýetlenen «Sienna-nyň» esasy gurluşlarynyň arasynda gurlan sowadyjy we tozan sorujy peýda boldy, bu bolsa syýahaty has amatly edýär.

Ulagyň tehniki bölegi üýtgewsiz galdy.