Türkmen kärhanasy çagalar üçin welosipedleri öndürer

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çagalaryň sürmegi üçin niýetlenen kiçi welosipedleri we polipropilenden oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Degişli habary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty ýetirýär.

«Şöhle plastik» haryt nyşany bilen öndüriljek täze çaga tigirleri 3-5 ýaşly körpejelere niýetlener. Hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy aýda ençeme tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada häzirki wagta çenli plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýandygyny aýtmak bolar.

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine daşary ýurtlylar tarapyndan hem özboluşly isleg bildirilýändigini, şeýle-de bu önümleriň birnäçe ýurtlara eksport edilýändigini bellemek gerek.