«Rossiýskiýe železnyýe dorogi» AGPJ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

«Rossiýskiýe železnyýe dorogi» açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň ahyrynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini hasaba almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.