Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa, gümrük we serhet gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri Owganystandaky kärdeşleri bilen onlaýn duşuşyk geçirdiler.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, owgan tarapyna Owganystanyň Daşary işler, Ulag ministrlikleriniň, gümrük, söwda we nebit-gaz edaralarynyň işgärleri wekilçilik etdiler.

Duşuşykda Owganystanyň çäginden üstaşyr ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýär we üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Şeýle taslamalaryň biri Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ýaly multimodal ulag ýoly bolan "Lapis Lazuri" geçelgesidir. Geçelge owgan harytlaryny Ýewropa bazarlaryna çykarmak üçin iň gysga we iň amatly ugurdyr.