Türkmenistan we Azerbaýjan: Hytaý — Ýewropa üçin tranzit ýoluna öwrüljek möhüm nokatlardyr

Türkmenistan bilen Azerbaýjan «Orta Geçelgede» Hytaýdan Ýewropa üstaşyr geçmegiň ugruna öwrüljek möhüm nokatlar bolup durýar. Bu barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar we üstaşyr ýük daşamalary babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, B.Annaýew belledi. Aşgabat we Baku ulag pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada gepleşikleri geçirdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Orta Geçelge», «Lapis Lazuli» geçelgesi we beýleki halkara taslamalar ýaly dürli ugurlar boýunça üstaşyr geçirmek babatda tagalla edýär. Ýakynda Türkmenistanyň wekilleri bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda «CASCA+» ugry dogrusynda gepleşikler geçirildi. Onuň esasy maksady ýük gatnawynyň ösüşini höweslendirmek üçin ulag we demir ýol infrastrukturasyny, şeýle hem konteýner gatnawyny ösdürmek üçin bitewi nyrhlar barada ylalaşyk gazanmakdan ybarat boldy.

Annaýewiň belleýşi ýaly, tranzit gatnawynyň ösmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjan üçin täze mümkinçilikleri döreder.