8-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi.
Dowamyny okaBerkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti derejedäki köpşahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar.
Dowamyny okaBMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açyljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistan ulag pudagynda birnäçe degişli başlangyçlary öňe sürer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasynda habar berilýär. Habar berlişi ýaly, bu hakynda ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan wezipelerinde beýan edilýär.
Dowamyny oka«Neýtralanyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Oba hojalyk önümçilik birleşigine täze traktorlaryň 62-si gelip, olar eýýäm oba hojalyk işlerinde ulanmak üçin paýlanylyp berilýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň başyndan bäri oba hojalyk işleriniň dürli görnüşlerinde ulanylýan daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalarynyň ýüzlerçesi welaýata getirildi.
Dowamyny oka5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Dowamyny okaŞu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Dowamyny okaUlag pudagyndaky hyzmatdaşlyk 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň birine öwrüldi. Üç ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerini ulag, logistika we üstaşyr pudagynda ulanmak meýli döwlet Baştutanlarynyň sammitiň netijesi boýunça kabul eden Bilelikdäki Beýannamasynda-da berkidildi. «Ulag babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini peýdalanmak maksady bilen, Taraplar üç ýurduň deňiz portlaryna, şol sanda Hazar deňzine we Pars aýlagyna çykmagyny üpjün edýän Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan ulag ugry boýunça multimodal daşamalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler» diýlip, Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
Dowamyny oka4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Gahryman Arkadagymyz köpriniň we ulag ýollarynyň ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri synlap, olaryň bezeg serişdelerine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, uly ýollaryň, köprüleriň yşyklandyrylyşyna we beýleki işlere aýratyn üns berilýär. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.
Dowamyny oka4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Kaşaň “Arkadag” myhmanhanasy ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Dowamyny okaÝakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäginde Türkmenbaşy (Türkmenistan) Halkara deňiz portunyň we Alýat (Azerbaýjan) Halkara deňiz portunyň Port Gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy gurady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gully habar berýär.
Dowamyny oka