«Lamborghini Veneno Roadster» 6 million dollara onlaýn satyldy

«Supercar Blondie» blogçysy tarapyndan döredilen «SBX» onlaýn söwda meýdandaçasy awtoulag satuwynda täze rekordy mälim etdi. Müşderileriň biri «Lamborghini Veneno» awtoulagyny bäsleşikli söwdada 6 million dollara satyn aldy. Munuň özi onlaýn usulda satyn alnan iň gymmat ulagdyr diýip, «Auto.ru» ýazýar.

Dubaýdaky satyjylar tarapyndan bäsleşikli söwda çykarylan superkaryň başlangyç bahasy 9,5 million dollardy. Ýöne oňa bu bahadan alyjy tapylmady. Şonuň üçin SBX iň ýokary bahany hödürlän alyjy bilen ylalaşmaly boldy.

Özboluşly gara we ýaşyl reňk kombinasiýasyndan ybarat ulag 2015-nji ýylda öndürildi. Ol bary-ýogy 1,778 kilometr geçipdir.