10-njy maýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklandy.
6-njy maýda geçirilen Hökümetiň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Pürçekowa Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
2-nji maýda Türkmenistanda ähli musulmanlar üçin mukaddes baýramçylyk bolan Oraza baýramy giňden bellenildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guttereşe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aýyň dowamynda Oraza baýramy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güniTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni we Soňky jaň dabarasy degişli medeni-köpçülik çäreleri bilen giňden dabaralandyrylar.
20-nji aprelde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahaleteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.