BMW nemes startapy bilen öndürilen täze elektrikli hereketlendirijjisini synagdan geçirýär

BMW awtokonserni Mýunheniň «DeepDrive» startap kompaniýasy tarapyndan döredilen täze elektrikli hereketlendirijisiniň meýdan synaglarynyň başlandygyny habar berdi. Barlamhana synaglary ösüşiň täsirli mümkinçiliklerini görkezdi we BMW mundan beýläk awtoulaglaryna şu hereketlendirijini gurnamaga taýynlanýar diýip, auto.ru habar berýär.

«DeepDrive»-iň esasy täzeligi içki we daşarky rotorlaryň bir wagtda aýlanmagydyr. BMW-niň hünärmenleri hereketlendirijiniň durmuşa geçiriş jikme-jikliklerini aýan etmeýärler, ýöne bu tehnologiýanyň ýokary mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek: ykjam we energiýa tygşytlaýjy hereketlendirijileri döretmäge mümkinçilik berýär.

Awtoulag öndürijiniň pikiriçe, şeýle elektrik hereketlendirijileri adaty merkezleşdirilen hereketlendiriji ulgamlarda-da, tigirli hereketlendirijilerde-de ulanylyp bilner.

Häzirki wagtda tigirli hereketlendirijiler çylşyrymlylygy we bahasynyň ýokarydygy sebäpli giňden ulanylmaýar. «DeepDrive»-iň ösüşi, tigir merkezlerine gurlan ýeňil we täsirli elektrik hereketlendirijilerini döretmäge mümkinçilik berýän bu tehnologiýany has elýeterli edip biler.

Häzirki wagtda synaglaryň eksperimentaldygyny bellemelidiris. BMW-niň inženerleri täzeligi önümçilik modellerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini entek jikme-jik öwrener.