«Audi» «Q2 e-tron» kysymly elektrikli krossowerini öndürmäge taýýarlanýar

Elektrikli ulaglarynyň ulgamyny giňeltmek baradaky işleriň bir bölegi hökmünde «Audi» kompaniýasy «Q2 e-tron» kysymly elektrili krossowerini öndürer diýip, «kolesa.ru» habar berýär.

Ujypsyzja mukdarda öndüriljek täze ulag häzirki «Audi A3» bilen deňeşdirilende gaty giň bolar diýlip garaşylýar. Täze ulagyň tertipli silueti, eňňit üçegi, gysga kapoty we başga-da birnäçe aýratynlyklary bolar.

Ulagyň tehniki aýratynlyklary heniz aýan edilmedi.

Ulagyň hili MEB + ýa-da PPE platformada hasaplanýar. Onuň bir we iki elektrik hereketlendiriji görnüşlerine garaşylýar. 500 at güýjüne deň bolan ulag bir zarýadlandyrma bilen 700 kilometr aralygy geçip biler.

«Audi Q2 e-tron» 2026-njy ýylda öndürilip başlanar. Ol 2027-nji ýylda Ýewropada satuwa çykarylar.