Serdar Berdimuhamedow Baýdeni ABŞ-nyň  Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.