Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi bolar
20-nji iýulda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde bellenilýär.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21