Bilermenler iň ygtybarly 6 silindrli hereketlendirijini kesgitlediler

«HotCars» portalynyň hünärmenleri 3,5 litrlik «Toyota 2GR-FE (V6)» hereketlendirijisini ähli kowumdaşlarynyň arasynda iň gowusy diýip yglan etdiler. 269 at güýji bilen öndürýän bu hereketlendiriji 2002-nji ýylda hödürlenen 4.0 litrlik «1GR-FE»-niň kiçi nusgasydyr diýip, «zr.ru» ýazýar.

«2GR-FE»  meşhur «Toyota Camry»-den we «RAV4»-den başlap, «Lotus Evora» çenli köp sanly ulagda ornaşdyryldy. Ol ykjamlyk, ýeňil alýumin blok, VVT-i gaz paýlaýyş ulgamy ýaly aýratynlyklara eýedir.

Motor diňe bir netijeliligi bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp ygtybarlylygy bilen hem meşhurdyr. Kapotyň aşagynda «2GR-FE» hereketlendirijisi bolan «Toyota» ulaglarynyň eýeleri bökdençliklere juda seýrek uçraýarlar.