Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde saglyk maglumat ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak boýunça okuwlara gatnaşýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri saglyk maglumat ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak boýunça okuwlara gatnaşýarlar. Bu barada HHM habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän çäre Berlinde geçirilýär.

Duşuşygyň maksady iň oňat halkara tejribesini ara alyp maslahatlaşmak, saglygy goraýşy sanlylaşdyrmak ugrundaky mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin zerur hünärleri we bilimleri bermekden ybaratdyr.

Saglygy goraýyş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenler tarapyndan ulgamy işletmek üçin çykdajylaryň ösüş depginini peseldip, gysga we uzak möhletde berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, kliniki, durmuş we ykdysady netijeliligi ýokarlandyryp, şeýle hem lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyryp biljek yzygiderlilik hökmünde kabul edilýär.

Okuw 2024-nji ýylyň 12-nji iýulyna çenli dowam eder.