Paýtagtda dynç alyş güni üçin alty täsirli ýer: Turkmenportaldan gollanma

Turkmenportal redaksiýasy paýtagtdaky raýatlara we myhmanlara dürli görnüşli dynç alyş mümkinçiliklerini hödürleýän, Aşgabatda dynç alyş günleri üçin özüne çekiji ýerleriň sanawyny düzdi.

1. Garaşsyzlyk şaýolunda ýerleşýän täzelenen "Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi" dynç-alyş seýilgähi indi täze karuseller, häzirki zaman katamaranlar we çagalar üçin oýun meýdançalaryny hödürleýär. Uly ýaşly myhmanlara üçin bolsa karting ýaryş ýolunyň durky täzelendi.

2. Bitaraplyk şaýolunyň ahyrynda ýerleşýän Bitaraplyk binasy arassa howadan lezzet almaga we otda piknik guramak üçin ajaýyp ýerdir. Bu ýerde seýilgähde gezelenç etmek üçin welosiped we tigirçekli rolikleri kireýine alyp bolýar. Köplenç bu ýerde gitara çalýan ýaşlary hem görmek bolýar, käwagt olara dynç alýanlar aýdym aýtmak üçin hem goşulýar.

3. Ýakynda açylan 60 metrlik Magtymguly Pyragynyň heýkeli we golaýynda ýerleşýän 24 sany dünýä belli edebiýatçylaryň heýkellerini öz içine alýan medeni-seýilgäh toplumy bolsa maşgala bilen gyzykly dynç almak üçin ajaýyp ýerdir. Bu ýerde ene-atalar çagalaryna dürli ýurtlaryň we döwürleriň görnükli şahyrlary barada gyzykly gürrüňleri berip bilerler.

4. "Aşgabat" medeniýet we dynç alyş seýilgähi (Birinji seýilgäh) çagalar we ululara niýetlenen dynç alyş mümkinçiliklerini hödürleýär. "Gämi" atly meşhur attraksion dynç alyş günleri isleg bildirýän adamlaryň uly nobatyny ýygnaýar. Bu ýerde owadan suratlar üçin amatly bolan kiçijik emeli depejik we oturylýän ýer hem bar.

5. Garaşsyzlyk seýilgähi uzak wagtlyk saglyk üçin peýdaly gezelenç etmek we işjeň sport bilen meşgullanmak üçin gowy amatly bolan hakyky ýaşyl oazisdir. Ünsli myhmanlara hormatly garawulyň çalşygy dabarasyny görmäge mümkiçlik döräp biler, bu ýerde esgerler çalşykda ýarag bilen hatar emelleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezýärler.

6. Gijeki surata düşürmegi halaýanlar we romantikler üçin Bagt köşgüne agşamlyk syýahat etmek maslahat berilýär, bu ýerden çyralar bilen ýalpyldaýan gijeki Aşgabadyň hakykatdan-da haýrana galdyryjy panorama görnüşi açylýar.

Bu ýerler dürli gyzyklanmalara we ýaş toparlaryna laýyk gelýän dürli görnüşli dynç alyş we güýmenje mümkinçiliklerini hödürleýär.