«Jaguar» ýylyň ahyryna çenli bäş ulagy bilen hoşlaşar

«Kolesa.ru» habar gullugynyň habaryna görä, «Jaguar» iňlis kompaniýasy elektromobilizasiýa ugrundaky ugruny çaltlaşdyrýar we meşhur bolmadyk bäş modelden ýüz öwürýär.

2021-nji ýylda «Jaguar» täze strategiýasyny hödürledi, şoňa laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli marka lýuks segmentine doly geçer we diňe elektrikli ulaglary öndürer. Ilkibaşda häzirki setirdäki modelleriň ýene birnäçe ýyl bazarda galar öýdülýärdi, emma meýilnamalar üýtgedi.

«Automotive News Europe» neşiriniň JLR wekiline salgylanyp habar berşi ýaly, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «Jaguar» XE, XF, F-Type, E-Pace we I-Pace kysymly ulaglary bilen hoşlaşar. Habar berlişi ýaly bu ulaglaryň önümçiligi bes ediler we dilerler galan nusgalaryny belli bir wagta satmaly bolarlar.

«Jaguar»-yň meşhur modellerini wagtyndan öň «nepaga çykarmagynyň» baş sebäbi olardan gelýän girdejileriň pesligidir. «Jaguar»-yň baş direktory Adrian Mardelliň pikiriçe, kompaniýa bu modellerden pul gazanyp bilmeýär, olardan gelýän girdeji asla ýok diýen ýalydyr.

«Bu modelleriň haýsydyr birine pul gazanyp bilmedik» diýip, kompaniýanyň baş direktory maýadarlar bilen geçirilen gürrüňdeşlikde aýtdy.