«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň «Ýol kartasy» tassyklanyldy

Türkmenistan, Gazagystan, Eýran, we Russiýa 2024-2025-nji ýyllar üçin «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmga gönükdirilen «Ýol kartasyny» tassykladylar.

«Trend-iň» şu gün beren habaryna görä, bu resmanama Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilýän ilkinji Demirgazyk-Günorta ulag, söwda we eksport forumynyň çäginde gol çekildi. Türkmen tarapyndan halkara foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Bu resminamanyň 2027-nji ýyla çenli durmuşa geçirilmegi halkara ulag geçelgäniň geçirijiligini ýylda 15 million tonna, 2030-njy ýyla çenli bolsa 20 million tonna çenli artdyrar. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň ýola goýulmagy Hindi ummanyna çenli iň gysga we ygtybarly üstaşyr geçelgäni üpjün eder.

Bu foruma 12 ýurtdan 440-dan gowrak wekil, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň wekilleri gatnaşýar. Onuň dowamynda demir ýollar, gara ýollar we portlar arkaly hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.