Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdylar.

Saparyň dowamynda Ýolagçy-parom terminalynyň mejlisler zalynda myhmanlara Türkmenbaşy Halkara deňiz portyň enjamlary we tehnikalary, ýerine ýetirýän hyzmatlary we nyrhlary barada jikme-jik beýan edýän prezentasiýa görnüşli gürrüň berildi.

Soňra ýapon bilermenleri her terminal bilen aýratyn tanyşyp, portuň mümkinçiliklerini we kuwwatlylygyny öwrendiler. Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin “gümrük düzgüni” tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul köp müşderler üçin amatly bolup, ýagny, gümrük resminamalaryny bellige almak we ýükleri daşamak üçin wagty we çykdajylary ep-esli azaldar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ägirt uly kuwwatlyklarynyň netijeli ulanylmagy sebit logistikasyny ösdürip, Hazarýaka geçelgesini janlandyrar. Munuň özi sebitiň, şol sanda goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetlerine oňyn täsirini ýetirer.

1974-nji ýylda esaslandyrylan täjirçilik däl gurama – Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi tehniki hyzmatdaşlyk, infrastruktura babatda tejribeleleri alyşmak arkaly ýurtlaryň ösüşine ýardam etmegi maksat edinýär.

 Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»