«Tesla» Ýewropada we ABŞ-da ulaglaryny saklamak bilen bagly meselelere duçar bolýar

Dünýä meşhur «Tesla» kompaniýasynyň önümçiligi häzirki wagtda ulaglaryň müşderilere ýetirilişinden has çalt. Şonuň üçin hem kopaniýanyň ammmarlarynda we duralgalarynda müňlerçe ulag üýşdi.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu mesele has ýitileşdi. «Tesla» müşderileriň isleginden 46 müň ulagy köp öndürdi. Netijede, kompaniýanyň ähli duralgalary we ammarlary ulaglardan ýaňa hyryn-dykyn doldy.

Meselä oňyn çözgüt gözleýän kompaniýa ulaglaryny indi köçede saklamaga mejbur bolýar.

Sent-Luis şäheriniň ýakasyndaky ýagdaý hem muňa mysaldyr. Kompaniýa elektrikli ulaglaryny saklamak üçin ägirt uly «Çesterfild» söwda merkeziniň duralgasynyň bir bölegini kärendesine almaly boldy.

Şuňa meňzeş mesele Ýewropada-da ýüze çykdy. Germaniýanyň Neýhardenberg şäheriniň ýaşaýjylary her gün ýerli howa menziliniň awtoulag duralgasyna ýük awtoulaglarynyň täze elektrikli awtoulaglaryny eltip barşyna haýran galmak bilen tomaşa edýärler.

Kynçylyklara garamazdan, «Tesla» önümçiligiň mukdaryny azaltmak islemeýär diýip, «Avtonovostidnya.ru» ýazýar.