«Ford» hil gözegçiligi üçin emeli intellektden peýdalanýar

«Ford» kompaniýasy gurnama ulgamyndaky kemçilikleri ýüze çykarmak üçin emeli intellektden (EI) peýdalanyp, has ygtybarly önümçilige tarap ädim ätdi.

IBM-iň “Maximo Vision” platformasyna esaslanan täze tehnologiýa adaty smartfonlary «barlagçy» hökmünde peýdalanýar.

EI telefonyň kameralaryny ulanyp, egri korpus panellerinden başlap, ýitirilen at ýazgylaryna çenli dürli gapma-garşylyklar bilen bagly bölekleri gözden geçirýär.
Ulgam eýýäm özüniň netijeliligini görkezdi.

Mysal üçin, 2023-nji ýylda her aýda ortaça 40 nebit nasosy oturdylan «Wan Daýk» zawodynda 2024-nji ýylyň aprelinde EI ulanylandan soň beýle ýagdaý ýüze çykmady.

EI 463 görnüşli ýalňyşlygy kesgitläp bilýär. Olaryň arasynda korpus panellerindäki, gapy berkitmesindäki, nädogry gurnamadaky ýa-da at ýazgylary bilen bagly ýalňyşlyklar bar.

Häzirki wagtda «Forduň» Ýer ýüzündäki 20 zawodynda emeli interllektden peýdalanylýar.

Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy kompaniýanyň üç ýyl bäri Amerikan awtoulag öndürijileriniň arasynda önürilen ulaglary yzyna getirmek bilen bagly meseleleri aradan aýyrmaga ýardam eder ― diýip, «Motor.ru» ýazýar.