«Ineos Grenadier » atly ýolsaýlamaz ulagy 1,3 kilometr çuňlukda synag edildi

Meşhur «Land Rover Defender»-iň mirasdüşeri bolan «Ineos Grenadier» ulagy birnäçe synagdan geçirilýär. Şol synaglaryň biri 1,3 kilometr çuňlukdaky duz käninde alnyp baryldy.

«Grenadieri» döredijiler onuň ygtybarlylygyna ynamly, sebäbi ol eýýäm aşa kyn şertlerde synag edildi. Şol synaglar -35 gradus sowukda we deňiz derejesinden 2500 metr beýiklikde alnyp baryldy. 

Duz magdany bolsa ulag ýoly üçin täze synaga öwrüldi. Bu ýerde ol agressiw gurşawa sezewar bolýar. Muňa garamazdan, «Grenadier» özüniň çydamlylygyny görkezdi.
Awtoulagyň korpusy elektrostatiki reňkdedir. 

«Grenadier» dartgynly sport görnüşleriniň höwesjeňleri üçin goşmaça mümkinçilikleri hem hödürleýär. Olaryň arasynda oklaryň diferensial gulplaryny, BFGoodrich All-Terrain T / A KO2 tekerleri, daşarky «düşüriş guşaklaryny» we goşmaça batareýalary görkezip bolar.

«Ineos Grenadier»-iň Angliýadaky bahasy 64,500 funtdan başlaýar ― diýip, «Motor.ru» ýazýar.