«Porsche» bilen «Apple iCar»yň baş injeneri «Hyundai»-a işe geçýär

«Audi», BMW, «Porsche», «Apple» ýaly dünýä belli kompaniýalarda işläp, baý tejribä eýe bolan hünärmen Manfred Harrer indi «Hyundai»-yň ýokary öndürijilikli we kaşaň ulaglarynyň ösmegine ýolbaşçylyk eder.

Ýakynda «Hyundai Motor Group» 51 ýaşly nemes inženeri Manfred Harreriň wise-prezident we «Genesis & Performance Development» atly täze tehniki bölümiň başlygy wezipelerine bellenendigini habar berdi.

Harrer awtoulag pudagynda uly tejribä eýe. Ol 14 ýyllap «Porsche»-de işledi we Cayenne we Taycan ýaly ajaýyp modelleriň işlenip düzülmegine gatnaşdy. 2021-nji ýylda «Apple» kompaniýasyna geçen inžener «Titan» elektrik awtoulag taslamasynda işleýän topara goşuldy.

«Apple» -iň soňra «Titan» taslamasyny ýatyrandygyna garamazdan, Harrer işsiz galmady. Tejribesi we bilim baýlygy «Hyundai»-iň ünsüni özüne çekdi, ony geljekki «Genesis» modelleriniň we ýokary öndürijilikli «Hyundai N» awtoulaglarynyň ösüşi üçin jogapkär täze bölüme ýolbaşçylyk etmäge çagyrdy.